“Syýahatçylyk hyzmatlary”

 Syýahatçylyk hyzmatlary” hünäri boýunça orta hünärinde bilim alýan ýaşlar, syýahatçylyk kärhanasynyň guramaçylyk işlerini we işjeň endiklerini bilýän
hem-de syýahatçylyk hyzmatlaryny ilata ýokary derejeli hödürleýän
 hünärmen bolup ýetişýär, hem-de syýahatçylyk hyzmatlaryny ilata ýokary derejeli hödürleýän  hünärmen bolup ýetişýär.  hem-de syýahatçylyk hyzmatlaryny ilata ýokary derejeli hödürleýän  hünärmen bolup ýetişýär.  hem-de syýahatçylyk hyzmatlaryny ilata ýokary derejeli hödürleýän  hünärmen bolup ýetişýär. Hünärmen syýahatçylyk pudagyna degişli dürli edaralarda, hususy kärhanalarda, şeýle hem, orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasynda öwrenen derslerine laýyklykda, başga pudaklaradegişli bolan kärlerine ýakyn hem oňa gabat gelýän dürli iş orunlarynda, ýagny, ulag serişdeleriniň üpjünçisi, syýahatlaryň we gezelençleriň gurnaýjysy, syýahat operatorynyň we agentiniň guramaçysy, orunlara görä ýerleşdiriji, edaranyň resmi kagyzlary bilen meşgullanýan hünärmeni, hojalyk, diwanhana, dolandyryş-administratiw edaralarynyň orta derejeli hünärmeni, syýahatçylar üçin medeni-köpçülikleýin çäreleriniň taýýarlaýjysy we ş.m. wezipelerde işlemek üçin niýetlenendir. Şunuň bilen birlikde, bu ugurdan taýýarlanylýan hünärmenler şu aşakdaky başarnyk-ukyplara eýe bolarlar:ugurdan taýýarlanylýan hünärmenler şu aşakdaky başarnyk-ukyplara eýe bolarlar:
- işjeň etiket kadalaryny ulanyp müşderileri bilen aragatnaşyk saklamaga;
- syýahatçylygyň görnüşlerine laýyklykda öz hünär wezipesini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly howpsuzlygy üpjün etmäge we wezipeleri talabalaýyk kesgitlemäge ukyply bolup, öwrenen endiklerine görä işewürligi ylmy taýdan dogry ulanmaga;
- döwrebap tehnologiýalaryndan peýdalanmaga;
- hünär işinde ulanylýan resmi iş kagyzlary talabalaýyk resmileşdirmäge we aýawly saklamaga;
- daşary ýurt dillerini ulanyp, ýokary derejeli hyzmat hödürlemäge;
- syýahatçylyk önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hasaplamagy;
- syýahat ugrunyň ýoluny düzmegi we hasaplama-kalkulýasiýany taýýarlamaga;
- howa (awia) we demirýol (otly) peteklerini öňünden öz wagtynda bellemegi;
- myhmanhanalaryň otaglaryny talabalaýyk öňünden bellemegi;
- naharlanmak isleglerini we hyzmatlaryny öňünden şertleşdirmegi;
- medeni-köpçülik edaralary we dynç alyş merkezleri bilen öňünden ylalaşyklary baglaşmaga;
- ýüze çykyp biljek dürli harajatlaryň hasabatlary taýýarlamagy we meýilleşdirmegi;
- müşderilere syýahatlary, gezelençleri hödürlemegi we hyzmatlary amala aşyrmagy;
- syýahatçylyk ätiýaçlygyny düzgünleşdirmegi;
syýahatçylary kabul ediş (ýerleşdirmegiň) ýerleri barada doly maglumat bilen üpjün etmegi;
- syýahatçylyk işinde innowasion tehnologiýalar peýdalanmagy we täzeçillikleri işläp düzmegi (taýýarlamagy).

 
 







































 





















































































































































Paýlaş

Salgymyz:

109-njy jaý, Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, Aşgabat, Türkmenistan. 

Telefon belgiler:
363697, 364815