Buhgalterçilik hasaba alnyşy

“Buhgalterçilik hasaba alnyşy”
hünäri boýunça orta hünärinde bilim alýan ýaşlar, syýahatçylyk kärhanalarynyň,
myhmanhanalarynyň we beýleki syýahat hyzmatlary bilen bagly edaralaryň hasaplaşyk-hasabatlylyk
işlerini alyp barmak, işewürlikde işjeň endiklerini bilmek hem-de syýahatçylyk
hyzmatlaryny ilata hödürlemek üçin döreýän hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin taýýarlanylýar.

Hünärmen syýahatçylyk pudagyna degişli dürli
edaralarda, hususy kärhanalarda, ilaty durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynda,
şeýle hem, orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasynda öwrenen derslerine
laýyklykda, dürli pudaklara degişli bolan kärlerine ýakyn hem oňa gabat gelýän
dürli iş orunlarynda, ýagny, syýahatçylyk kärhanasynyň menejeri, ulag serişdeleriniň
üpjünçisi, edaranyň resmi kagyzlary bilen meşgullanýan hünärmeni, hojalyk,
diwanhana, dolandyryş-administratiw edaralarynyň orta derejeli hünärmeni,
köpçülikleýin çäreleriniň hyzmat edijisi we ş.m. wezipelerde işlemek üçin
niýetlenendir.

Şunuň bilen birlikde, bu ugurdan taýýarlanylýan hünärmenler şu aşakdaky
başarnyk-ukyplara eýe bolarlar:

-    syýahatçylyk kärhanasynyň hasabat işlerini ýöretmegi;

-    işgärleriň zähmet haklaryny hasaplamagy we syýahatçylyk kärhanasynyň
balansyny düzmegi;

-    ugurdaş kärhanalar we müşderiler bilen ylalaşyklary, şertnamalary we ş.m.
düzmegi;

-    gözegçilik auditi we myhmanhanada müşderileriň özara hasaplaşyklary düzmegi;

-    syýahatçylyk ätiýaçlygyny düzgünleşdirmegi hem-de adatdan daşary
ýagdaýlarda resmi kagyzlary täzeden taýýarlamagy we dikeltmegi;

-    syýahat ugrunyň bahalaryny hasaplamagy we harajatlaryň hasapalaşygyny alyp
barmaga;

-    müşderilere syýahatlary we gezelençleri hödürlemegi hem-de hyzmatlary  satmagy;





















-    häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan hem-de döwrebap ulgamlaryndan peýdalanmagy
we ş.m.

Paýlaş

Salgymyz:

49-njy jaý, Mäti Kösäýew köçesi, Aşgabat, Türkmenistan. 

Telefon belgiler:
(363697, 364815