Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy
“Jemgyýetçilik iýmitiniň
önümleriniň tehnologiýasy” hünäri boýunça orta hünärinde bilim alýan
ýaşlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyň önümçilik tehnologiýasyny we täze
görnüşlerini döretmek, müşderilere sagdyn iýmitlenmegiň görnüşlerini hödürlemek
endiklerini bilmek hem-de iýmit hyzmatlarynyň howpsuzlygyny berjaý etmek üçin
taýýarlanylýar.
Hünärmen myhmansöýerlik häsiýeti bilen dürli edaralarda, otellerde,
motellerde, kempinglerde, dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, çagalar dynç alyş
merkezlerinde, hususy kärhanalaryň
iýmitlendiriş bölümlerinde we
naharhanalarda tehnik-tehnolog
wezipelerinde, şeýle hem orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasynda öwrenen
derslerine laýyklykda, başga pudaklara degişli bolan kärlerine ýakyn hem oňa
gabat gelýän dürli iş orunlarynda, ýagny, jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyň
tehnik-tehnology, aşpez, myhmanhanalaryň iýmit we içgiler bölüminiň orta
derejeli menejeri, köpçülikleýin çärelerde azyk harytlarynyň satyjysy, iýmit we
azyk harytlarynyň laboratoriýalarynyň barlagçysy we ş.m. wezipelerde işlemek
üçin niýetlenendir.
Şunuň bilen birlikde, bu ugurdan taýýarlanylýan hünärmenler şu aşakdaky
başarnyk-ukyplara eýe bolarlar:
- azyk harytlary (çig mallary) kabul etmegi, saklamagy we işläp taýýarlamagy;
- iýmit taýýarlanyş otaglarynyň arassaçylygyna gözegçilik etmegi;
- kabul eden çig mallarynyň hiline gözegçilik etmegi;
- iýmit taýýarlanyş enjamlarynyň ulanylyşyny üpjün etmegi we laboratoriýa
enjamlary bilen işlemegi;
- hasap we hasabat resmi kagyzlaryny ýöretmegi;
- enjamlary we gurallary sanitariýa taýdan işläp taýýarlamagy;
- azyk harytlarynyň öndürilişiniň mikrobiologiýa gözegçilik işlerini
geçirmegi;
- myhmanhanalarda nahar hödürlenişini döwrebap halkara standartlaryna laýyk
getirmegi;
- köpçülikleýin çärelerde iýmitlendiriş hyzmatlaryny gurnamagy;
- döwrebap tehnologiýalardan we kompýuter enjamlaryndan peýdalanmagy.