Syýahatçylyk hyzmatlary
“Syýahatçylyk hyzmatlary”
hünäri boýunça orta hünärinde bilim alýan ýaşlar, syýahatçylyk kärhanasynyň
guramaçylyk işlerini we işjeň endiklerini bilýän hem-de syýahatçylyk
hyzmatlaryny ilata ýokary derejeli hödürleýän hünärmen bolup ýetişýär.
Hünärmen syýahatçylyk pudagyna degişli dürli edaralarda, hususy
kärhanalarda, şeýle hem, orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasynda öwrenen
derslerine laýyklykda, başga pudaklara degişli bolan kärlerine ýakyn hem oňa
gabat gelýän dürli iş orunlarynda, ýagny, ulag serişdeleriniň üpjünçisi,
syýahatlaryň we gezelençleriň gurnaýjysy, syýahat operatorynyň we agentiniň guramaçysy,
orunlara görä ýerleşdiriji, edaranyň resmi kagyzlary bilen meşgullanýan
hünärmeni, hojalyk, diwanhana, dolandyryş-administratiw edaralarynyň orta
derejeli hünärmeni, syýahatçylar üçin medeni-köpçülikleýin çäreleriniň taýýarlaýjysy
we ş.m. wezipelerde işlemek üçin niýetlenendir.
Şunuň bilen birlikde, bu ugurdan taýýarlanylýan hünärmenler şu aşakdaky
başarnyk-ukyplara eýe bolarlar:
- işjeň etiket kadalaryny ulanyp müşderileri bilen aragatnaşyk saklamaga;
- syýahatçylygyň görnüşlerine laýyklykda öz hünär
wezipesini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly howpsuzlygy üpjün etmäge we wezipeleri talabalaýyk kesgitlemäge ukyply bolup, öwrenen endiklerine
görä işewürligi ylmy taýdan dogry ulanmaga;
- döwrebap tehnologiýalaryndan peýdalanmaga;
- hünär işinde ulanylýan resmi iş kagyzlary talabalaýyk resmileşdirmäge we aýawly
saklamaga;
- daşary ýurt dillerini ulanyp, ýokary derejeli hyzmat hödürlemäge;
- syýahatçylyk önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hasaplamagy;
- syýahat ugrunyň ýoluny düzmegi we hasaplama-kalkulýasiýany taýýarlamaga;
- howa (awia) we demirýol (otly) peteklerini öňünden öz wagtynda bellemegi;
- myhmanhanalaryň otaglaryny talabalaýyk öňünden bellemegi;
- naharlanmak isleglerini we hyzmatlaryny öňünden şertleşdirmegi;
- medeni-köpçülik edaralary we dynç alyş merkezleri bilen öňünden ylalaşyklary
baglaşmaga;
- ýüze çykyp biljek dürli harajatlaryň hasabatlary
taýýarlamagy we meýilleşdirmegi;
- müşderilere syýahatlary, gezelençleri hödürlemegi we hyzmatlary amala
aşyrmagy;
- syýahatçylyk ätiýaçlygyny düzgünleşdirmegi;
- syýahatçylary kabul ediş (ýerleşdirmegiň) ýerleri barada doly maglumat
bilen üpjün etmegi;
syýahatçylyk işinde innowasion tehnologiýalar
peýdalanmagy we täzeçillikleri işläp düzmegi (taýýarlamagy).