Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (syýahatçylyk pudagynda)
“Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
(syýahatçylyk pudagynda)” hünäri boýunça orta hünärinde bilim alýan
ýaşlar, syýahatçylyk kärhanasynyň ykdysady-dolandyryş işlerini meýilleşdirmek we
hyzmatlaryň işjeň endiklerini bilmek hem-de syýahatçylyk hyzmatlaryny ilata
hödürlemek üçin taýýarlanylýar.
Hünärmen syýahatçylyk pudagyna degişli dürli edaralarda, hususy kärhanalarda,
ilaty durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynda, şeýle hem, orta hünär okuw
mekdebiniň meýilnamasynda öwrenen derslerine laýyklykda, başga pudaklara
degişli bolan kärlerine ýakyn hem oňa gabat gelýän dürli iş orunlarynda, ýagny,
syýahatçylyk kärhanasynyň menejeri, syýahatyň we gezelençleriň maksatnamalaryny
meýilleşdirmek, syýahatçylyk kärhanalarynyň ykdysady ýagdaýyna gözegçilik etmek,
myhmanlary amatly ýerlerde ýerleşdirimek,
edaranyň hasabatlylyk we meýilleşdiriş resmi kagyzlary bilen meşgullanýan
hünärmeni, hojalyk, diwanhana, dolandyryş-administratiw edaralarynyň orta
derejeli hünärmeni, köpçülikleýin çäreleriniň hyzmat edijisi we ş.m.
wezipelerde işlemek üçin niýetlenendir.
Şunuň bilen birlikde, bu ugurdan taýýarlanylýan hünärmenler şu aşakdaky
başarnyk-ukyplara eýe bolarlar:
- syýahatçylyk kärhanasynyň ykdysady-maliýe işlerini ýöretmegi;
- kärhananyň işini guramak, ykdysady taýdan zähmet bazaryny öwrenmek işini
alyp barmagy;
- ugurdaş kärhanalar we müşderiler bilen ylalaşyklary, şertnamalary we ş.m.
düzmegi;
- syýahatçylygyň dolandyrylyşyny düzgünleşdirmegi;
- maliýe, karz we banklaryň işleýiş düzgünlerine görä işi alyp barmagy;
- kärhanalaryň ykdysady peýdasyna, düşewintliligine yzygider gözegçilik etmegi;
- hyzmatlaryň ykdysady taýdan amatlylygyny we netijeligini üpjün etmegi;
- häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanyp, elektron
resminamalaryň dolanşygyny ýola goýmagy hem-de döwrebap maglumat goruny
döretmegi we ş.m.