Gid terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi syýahatçylyk pudagynyň hyzmatyna degişli “Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)” hünäri boýunça hünär
taýýarlygynyň 3 aýlyk gysga möhletli okuwlaryna diňleýjileri kabul edýär we okuwlaryny tamamlanlaryndan soňra, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan
bellenen nusgada bilimi hakynda degişli şahadatnama berilýär. 
          Gid-terjimeçi (ýolbelet) ýurdumyzyň syýahatçylyk baýlyklary bilen tanyşdyrmak boýunça syýahatçylara gezelenç-maglumat we
guramaçylyk hyzmatlaryny hödürleýän, hünär taýdan taýýarlanan fiziki şahsdyr.
           “Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)” hünäri boýunça taýýarlygynyň diňleýjileri kämil derejede daşary ýurt dillerini bilmekligi,
syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýän Syýahatçylyk hususy kärhanalarda “gid-terjimeçi” wezipesinde işlemekligi we myhmanhanlary kabul
etmegiň beýleki düzgünleri  öwrenmek arkaly, ýurdumyzyň raýatlaryna we daşary ýurtlardan gelýän myhmanlara ýokary derejeli syýahat-gezelençleri guramak boýunça tejribeleri toplamak mümkinçilik alýarlar.







Paýlaş

Salgymyz:

49-njy jaý, Mäti Kösäýew köçesi, Aşgabat, Türkmenistan. 

Telefon belgiler:
363697, 364815