Syýahatçylygyň täze ugurlary we ýaşlar

«Syýahatçylygyň täze ugurlary we ýaşlar» atly ýurdumyzyň
umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň
arasynda taslama bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY 
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň
parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim
derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we
önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, döwrebap we amatly
medeni-dynç alyş şertlerini döretmek, ýokary netijeli we bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk
kärhanalaryny döretmek, syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak,
pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýäniň
dürli künjeginden Türkmenistana gelip görmäge isleg bildirýän jahankeşdeleriň
sany ýylyň-ýylyna artýar. Eziz Watanymyzyň taryhy-medeni we tebigy
baýlyklary bolsa halkymyzyň buýsanjy hem-de dünýä medeniýetiniň guwanjydyr.
Şonuň üçin, Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek, daşary
ýurt jahankeşdelerini milli baýlyklarymyz bilen tanyşdyrmak syýahatçylyk
pudagynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Türkmenistanda ähli ugurlar bilen birlikde syýahatçylyk ulgamynyň işiniň
döwrebaplaşdyrylmagyna we kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň
gözel künjeklerine dünýäniň dürli döwletlerinden gelýän myhmanlara we
syýahatçylara edilýän hyzmatlar bilen birlikde ýolbelet hyzmatlaryň ýokary
hilli bolmagy ugrunda hem birnäçe işler alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiziň giň gerimli alyp barýan döwlet syýasatyny durmuşa
ornaşdyrmak, ýaşlaryň döredijilikli başlangyçlaryny amala aşyrmaklaryna goldaw bermek
we höweslendirmek, ylym we bilim babatda beren möhüm tabşyryklaryndan, «Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy  
2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda»,  şeýle hem
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasynda», «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara
hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda», «Türkmenistanda
Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda» kesgitlenen
wezipelerden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli
ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda taslama
bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär.

Bäsleşigi geçirmegiň esasy maksatlary we wezipeleri şulardan ybaratdyr:

- ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden peýdalanmakdan, syýahatçylygy
toplumlaýyn ösdürmekden, döwrebap we amatly dynç alyş şertlerini döretmekden,
Watanymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny ýaşlaryň arasynda wagyz
etmekden, halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmakdan;

-  syýahatçylyk ulgamy üçin ýokary derejeli dolandyryjylary, ýörite bilimli hünärmenleri
taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam bermek;

-  syýahatçylyk ulgamynyň işini daşky gurşawy goramak syýasaty bilen utgaşdyrmak;

-  ýurdumyzyň gözel ýerleri we baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrýan, syýahatçylyk
mümkinçiliklerini açyp görkezýän usuly toplumlary taýýarlamakda maglumatlary baýlaşdyrmak;

-  ýurdumyzyň  syýahatçylyk mümkinçiliklerini mahabatlandyrýan  Gid-terjimeçileri
(ýolbeletleri) taýýarlamak;

-  syýahatçylyk taýdan ösen döwletlerde bolşy ýaly, geljekde ýurdumyzda syýahatçylygyň
döwrebap üpjünçilik ulgamyny döretmek üçin hususy telekeçileriň işini has-da ýaýbaňlandyrmak,
olaryň ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmekdäki mümkinçiliklerini has-da giňeltmek üçin zerur şertleriň
döredilmegi bilen bagly işler alyp barmaga ýardam bermek.

 

I. Umumy düzgünler

1.1. «Syýahatçylygyň täze ugurlary we ýaşlar» atly bäsleşiginiň Düzgünnamasy
(mundan beýläk – düzgünnama) bäsleşigi geçirmegiň, taslama işi hödürlemegiň
talaplary we resmileşdirmegiň tertibini, guramaçylyk-hukuk soraglary işini düzgünleşdirýär.

1.2. «Syýahatçylygyň täze ugurlary we ýaşlar» atly bäsleşiginiň (mundan beýläk– bäsleşik) guramaçysy
bolup Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi çykyş edýär.

1.3. Bäsleşik 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan 2024-nji ýylyň 20-nji apreli aralygynda geçirilýär.

1.4. Bäsleşige hödürlenen taslama işler taýýarlanylýan maglumatlaryň täzeçilligine, wajyplygyna,
gaýtalanmazlygyna, aýdyň beýan edilişine, innowasion tehnologiýalardan peýdalanylşyna we
wizuallaşdyrylyşyna görä saýlanýar.

II. Taslama işi hödürlemegiň talaplary we resmileşdirmegiň tertibi

2.1. Bäsleşigegatnaşyjylar ekosyýahatçylygy, taryhy-medeni syýahatçylygy, zyýarat syýahatçylygy,
sport syýahatçylygy, işewürlik syýahatçylygy ýaly syýahatçylyk pudagynyň beýleki giň gerimli
ugurlary boýunça taslama işleri hödürläp bilerler.

2.2. Ýurdumyzyň syýahatçylyk sebitleriniň aýratynlyklaryny we täze ugurlaryny, taryhy-medeni
we tebigy ýadygärliklerini halk köpçüligine ýetirmek işlerini, bejeriş, sagaldyş - dynç alyş syýahatçylyk
sebitleriniň özboluşlylygyny, syýahatçylyk işini ýaýbaňlandyrmakda täze biznes meýilnamalaryny
açyp görkezýän taslamalaryň awtorlary işini beýan edýän wideo-audio we ýazmaça görnüşinde mobil,
kompýuter programma üpjünçiliklerini, olaryň goşundylaryny hem-de beýleki maglumat serişdelerini
peýdalanyp, syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge degişli taslama işlerini hödürläp bilerler.

2.3. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylary ýekelikde
ýa-da 3 adamdan köp bolmadyk topar hökmünde gatnaşyp bilerler.

2.4. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýörite nusgadaky hasaba alyş kagyzy (1-nji goşundy) doldurylýar
we taslama bilen bilelikde Guramaçylara kesgitlenen möhletde iberilýär.

2.5. Hödürlenýän taslama işler Guramaçylaryň tourismschooltm@gmail.com elektron salgysy ýa-da
Aşgabat şäheriniň 2105-nji (Hoja Ahmet Ýasawy) köçesiniň 109-njy jaýy salgysy boýunça Aşgabat
şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde kabul edilýär.

III. Guramaçylyk işler we netijeleri jemlemegiň tertibi

3.1. Bäsleşige gatnaşmak üçin hödürlenen taslama bilen gatnaşyjy özüniň maglumatlarynyň
Guramaçylaryň resmi web-saýtynda çap edilmegine razylyk berdi diýip hasaplanylýar.

3.2.Bäsleşige tabşyrylan işleri bahalandyrmak we jemini jemlemek orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymlaryndan we ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalaryň wekillerinden düzülen Eminler topary
tarapyndan amala aşyrylýar. Eminler toparynyň düzümi Guramaçylar tarapyndan tassyklanylýar.

3.3.Bäsleşigiň ýeňijilerine we tapawutlanan işleriň eýelerine hem-de olaryň ýolbaşçy mugallymlaryna
baýraklary gowşurmak üçin habar edilýär, 2024-nji ýylyň maý aýynyň birinji ongünlüginde sowgatlar gowşurylýar.

3.4. Eminler toparynyň hödürlemegi boýunça ýeňijilere we tapawutlanan işleriň eýelerine hormat hatlar
we sowgatlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Aşgabat şäherindäki
syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň Kärdeşler arkalaşygy tarapyndan gowşurylýar.

 Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+99312-363697, +99362-991154, +99364-088111

Mekdebiň resmi web saýty: www.syyahatohom.edu.tm














































































































Salgymyz:

109-njy jaý, Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, Aşgabat, Türkmenistan. 

Telefon belgiler:
363697, 364815