Biz barada


TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI


Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyna degişli okuw mekdebi bolup, ol 2012-nji ýylyň iýul aýynyň 6-na Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen açyldy. Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurdaky hünärmelere islegeriň artmagyny şertlendirdi. Ýokary derejeli myhmanhanalar toplumynda işlemäge, şu döwrüň ösen talabyna laýyk hyzmat etmekligi oňat işgärlere garaşýarlar.

Biziň mekdebimizde orta hünär bilim berýän 2 ýyllyk okuwlaryň hünärleri:

  • Myhmanhana hyzmatlary
  • Syýahatçylyk hyzmatlary
  • Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (syýahatçylyk pudagynda)
  • Syýahatçylykda buhgalter hasaba alnyşy
  • Daşky gurşawy goramak we tebigy miras
  • Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy

Başlangyç hünär bilim boýunça 1,5 ýyllyk okuwlaryň hünärleri:

  • Myhmanhana hyzmatlary
  • Syýahatçylyk hyzmatlary
  • Syýahatçylygyň hukuk taýdan dolandyrylyşy
  • Buhgalterçilik işi
  • Aşpez konditer
  • Syýahatçylygy gurnaýjy we hyzmat ediji gid terjimeçi

Hünär taýýarlygy boýunça 3 aýlyk okuwlaryň hünärleri

  • Aşpez
  • Gid terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)
  • Myhmanhana otag hyzmatçysy
  • Nahar hyzmatçysy
  • Myhmanlary kabul ediji we ýerleşdiriji hünärmen

Mugallymlar

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜ [...]

Sanly bilim

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜ [...]

Kitaphana

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜ [...]

Salgymyz:

49-njy jaý, Mäti Kösäýew köçesi, Aşgabat, Türkmenistan. 

Telefon belgiler:
(363697, 364815