Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji
sentýabrynda çykaran 340-njy Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly
bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji
nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de
bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş
çykarmaklyk üçin kompýuter sowatlylygy yzygiderli kämilleşdirilýär.
Konspesiýanyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler boýunça Aşgabat
şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary tarapyndan sanly bilim
ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portaly
işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, okatmagyň elektron
serişdesi, bäsleşikler, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly
bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly
tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy
netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda,
şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw
mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli
maslahatlar yzygiderli guralýar. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly
bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron
okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary we gollanmalary,
wideo-audio ýazgylary, interaktiw-multimedia programma
serişdeleri, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Hormatly
Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça orta
hünär okuw mekdebimizde giň möçberli işler alnyp baryldy, şol sanda:
- Mekdebiniň bar bolan
maglumat-aragtanaşyk ulgamynda içerki torda işleýän sanly bilim portaly
ornaşdyryldy we elektron kitaphanasy hereket edýär.
- Mekdebiniň içerki
torda hereket edýän bilim portalynda elektron bilim gorlary, ýagny bilim
maksatly maglumatlar toplumlary (elektron kitaplar, okuw maksatnamalar,
gollanmalar, umumy, amaly we tejribe sapaklaryň sanly toplumy,
wideoşekilli we audio maglumatlar, presentasiýalar, testler we logiki
sowalnamalar we ş.m.) ýerleşdirildi hem-de olar yzygiderli baýlaşdyrylýar.
- Mekdebiň çäginde mugallymlar we talyplar üçin ýokary
tizlikli internet hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin mümkinçilikler
döredildi.