Olimpiada

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ylmy taslamalary işläp taýýarlamakda ukyp-başarnyklaryny görkezip bilýän, daşary ýurt  dillerini  bilýän  ýaşlary saýlamakda  we olary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda netijeli ulanmak maksady bilen, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde hem    okadylýan dersler boýunça  toparara bäsleşikleri  geçirmek,  okadylýan dersler we  saýlan ugurlary boýunça nazary we amaly alan bilimlerini  has-da kämilleşdirmek üçin gurnaklara   gatnaşdyrmak,   berkidilen kärhanalara önümçilik tejribeligini geçmekde  talyplary ugratmak işleri dowam etdirilýär.

2024-nji ýylyň maý aýynyň 16-17-ne “Açyk gapylar günleri” geçirmekde işjeň talyplarynyň gatnaşmagynda  syýahatçylyk ugruna degişli  dürli  maketler  taýýarlanyp, sergi gurnaldy we syýahatçylyk pudagynyň gerimini giňeltmek üçin “Syýahatçylygyň täze ugurlary we ýaşlar”  atly  ýurdumyzyň umumy bilim berýän  orta mekdepleriniň arasynda taslama bäsleşigi geçirildi we ýeňijilere mekdebimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Syýahatçylygy ösdürmek we ýaşlaryň arasynda höwesi artdyrmak üçin  mekdebimiziň talyplaryny ýurdumyzda ýerleşýän  medeni-taryhy ýadygärlikleriň,  milli muzeýleriň  taryhy,  doreýşi  barada   ekskursiýalary gurnamak, ýaşlaryň telekeçilik ukybyny ösdürmek üçin Türkmenistanyň  Senagatçylar  we  telekeçiler birleşmesiniň tejribeli agzalary-telekeçileri bilen ýaşlarda işewürlik ukyplaryny ýüze çykarmakda seminarlary geçirmek, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan  yglan edilen  Arkadag, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw  mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Pederleriň nusgasy – Magtymguly Pyragy, Köňülleriň çyragy- Magtymguly Pyragy” ady bilen geçirilen çeper okaýyş bäsleşigine mekdebimiziň “Myhmanhana hyzmatlary” hünäriniň 1-nji ýyl talyby B.Öwezgylyjowa işeňňir gatnaşdy. Şeýle-de iş başarjaň, maksada okgunly,  döretmäge  ukyply  we  okuwdan daşary hem  dünýä  täzelikleri  bilen  gyzyklanýan, ylmy taslamalary  işläp  taýýarlamak we  önümçilige ornaşdyrmak  bilen  bagly   işlere   höwesjeň  gatnaşýan,   Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  ýaşlar  barada  edýän  aladalaryny, alyp barýan  içerki  we  daşary syýasatynyň  esasy ugurlaryny giňden   wagyz etmekde  ýurdumyzyň  radio  we  teleýaýlymlarynda  gurnalan  “tegelek  stol başyndaky” söhbetdeşliklerinde hem  dürli  temalar  boýunça  çykyş    etmekde  yzygider  gatnaşyp  gelýärler.     

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň orta  hünär  okuw  mekdepleriniň  arasynda  döwlet  derejesinde  geçirilýän  ders  bäsdeşligine  mekdebimiziň   mugallymlary şu  ugurlar  boýunça talyplary taýýarlaýarlar:

  1. Sanly ykdysadyýet
  2. Daşky  gurşawy  goramak  we  tebigy miras
  3. Matematika  
  4. Rus dili  
  5. Iňlis dili  
  6. Häzirki  zaman  kompýuter tehnologiýasy
  7. Jemgyýetçilik ylymlarynyň  esaslary   
  8. Türkmenistanyň  taryhy

2024-nji ýylyň  maý  aýynda  orta hünär okuw mekdepleriniň  arasynda  döwlet derejesinde  geçirilen  ders  bäsdeşliginde  “Ykdysadyýet  we  meýilnamalaşdyryş” hünäriniň  2-nji ýyl  talyplarynyň   S.Arazowyň   we  A. Hanowyň   gatnaşmagynda  okadylýan “Sanly  ykdysadyýet”   hem-de   “Daşky  gurşawy  goramak  we  tebigy miras”  dersleri  boýunça 3-nji  baýrakly  orunlara   mynasyp   boldular.  Olar  okuwlarynda  diňe  oňat bahalar bilen  ýetişip, göreldeli talyplaryň hatarynda özlerini tanatdylar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dowam etmegi netijesinde ylmyň we tehnologiýalaryň  ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň täze ylmy pikirlerini maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamagyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmekde, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmakda,  Eziz Watanymyza, halkymyza wepaly, giň gözýetimli, sowatly, zähmetsöýer, öz hünärine ökde önümçilikde ýokary netijeleri gazanyp biljek hünärmenleri taýýarlamakda geçirilýän ders bäsleşikleriň uly ähmiýetini bellemek gerek.   

Eziz Watanymyzy beýik ösüşlere alyp barýan, dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almaga, halal zähmet çekmäge, döretmäge beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin Türkmen  halkynyň  Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

ýüklemek

Häzirki döwürde bütin dünýäde bolşy ýaly, Ata Watanymyz Türkmenistanda hem sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza mäkäm ornaşmagy bilen, kompýuter programmirleme we IT ulgamy ugurlary boýunça hünärlere we olardan baş çykarýan hünärmenlere bolan isleg barha artýar. 

Ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmek, sanly ykdysadyýete geçmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutumlary bu gün Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek işine uly üns berilýär. Şeýle hünärmenleriň kämil bolup ýetişmekleri üçin bu ugurda dürli görnüşli bäsleşikler, olimpiadalar yzygiderli geçirilýär. Soňky wagtlarda dürli ugurlar boýunça innowasion çözgütleri döretmegiň guraly hökmünde dünýäde giňden ýaýran hakaton bäsleşikleriniň geçirilip durulmagy munuň aýdyň mysalydyr. 

Bu adalga ilkinji gezek 1999-njy ýylda OpenBSD we  Sun Microsystems kompaniýalarynyň esaslandyryjylary tarapyndan ulanyldy. «Hakaton» sözi iňlis sözünden gelip çykyp, «hacker – haker, marathon – marafon» manylaryny aňladyp, dürli ulgamdaky kompýuter programmistleriniň (dizaýnerler, programmistler, IT ulgamyň hünärmenleri) bäsleşigidir. 

Hakaton – bu saýlanyp alnan ders ugrunda täze pikirleriň döremegine we durmuşa geçirilmegine niýetlenen ýörite meýdança. Hakatonyň ýörite formaty dürli kärlerdäki, dürli başarnykly adamlary bir topara jemläp, saýlap alnan ders ugrunda täze çözgütleri gözlemäge itergi berýär.     

Bu bäsleşigiň aýratynlyklary we peýdaly taraplary barada söz açylanda, onuň çäginde hakatondaky toparlaryň ähli agzalary öz başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny ösdürip, pikirdeşlerini tapyp, dostlaşýarlar we köp zatlary öwrenýärler. Şonuň ýaly-da, bäsleşik oňa gatnaşyjylaryň, hususan-da talyp ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek bilen, toparlaýyn işlemek, berlen wagty peýdaly ulanmak, dürli ýagdaýlaryň baş alyp çykmak endiklerini kemala getirýär. 

Şu maksatlar bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-nji ýylyň dowamynda ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçiriljek hakaton bäsleşikleriniň meýilnamasyny tassyklady. Hakaton bäsleşikleri diňe bir talyp ýaşlar üçin däl, eýsem ukyp-başarnygyny synasy gelýän dürli ýaşdaky raýatlar üçin açykdyr. Sizi hakaton bäsleşiklerine gatnaşmaga çagyrýarys!

Geçiriljek hakaton bäsleşikleriniň meýilnamasy aşakda getirilýär:

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan bilelikde  geçiriljek Hakaton bäsleşikleriniň 

S A N A W Y

T/b Ýokary okuw mekdebiniň ady Hakatonyň ady Hakatonyň ugry (temasy) Hakatonyň geçirilýän ýeri Hakatonyň
geçirilýän wagty
1 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty CyberQuest Operasion ulgamda gizlin howplary öz wagtynda anyklamak
 we olaryň öňüni almak üçin üpjünçilikleri döretmek
Türkmen döwlet binagärlik-
gurluşyk instituty
2024-nji ýylyň
mart aýy
2 Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersiteti
Sanly ösüş Sanly okuw platformalaryny döretmek Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersiteti
2024-nji ýylyň
aprel aýy
3 Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty CyberHack Sanly gurşawda kriptografik usullary programmalaýyn
durmuşa geçirmek
Türkmenistanyň Döwlet
energetika instituty
2024-nji ýylyň
aprel aýy
4 Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary instituty
Arkadag şäherinde hereket edýän elektromobillere kuwwat beriji bekediň innowasion taslamasy Ulag, maglumat-kommunikasiýa we binagärlik Türkmenistanyň Inžener-
tehniki we ulag
kommunikasiýalary instituty
2024-nji ýylyň aprel aýy
5 Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika instituty
Web-dizaýn Magtymguly Pyragy portalynyň dizaýnyny işläp taýýarlamak «Sanly çözgüt-IT meýdança»
 Hojalyk jemgyýeti
2024-nji ýylyň
maý aýy
6 Türkmen döwlet maliýe
instituty
Maglumat ulgamyny
kämilleşdirmek
Innowasion tehnologiýalar Türkmen döwlet maliýe
instituty
2024-nji ýylyň
maý aýy
7 Türkmen oba hojalyk instituty AgriTech Oba hojalyk toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň
programma üpjünçiligini teklip etmek
Türkmen oba hojalyk
instituty
2024-nji ýylyň
iýun aýy
8 Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Turkmen Cyber. Hack Operasion ulgamda gizlin howplary öz wagtynda anyklamak we
olaryň öňüni almak üçin üpjünçilikleri döretmek
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2024-nji ýylyň
oktýabr aýy
9 Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
instituty
Ykdysadyýet Maliýe we salgyt, makroykdysadyýet we mikroykdysadyýet hem-de ykdysady nazaryýet Türkmen döwlet ykdysadyýet
 we dolandyryş instituty
2024-nji ýylyň
oktýabr aýy
10 Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
Etut.developer Tehniki ýumuş esasynda
platformany işläp düzmek
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2024-nji ýylyň
noýabr aýy
11 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersiteti
Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri Programma üpjünçiligini
teklip etmek
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
2024-nji ýylyň
noýabr aýy
12 Döwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Dili kämilleşdirmek Tehniki ýumuş esasynda
platformany işläp düzmek
Döwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
2024-nji ýylyň
noýabr aýy
ýüklemek

Resminama