Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda) 3 aý

Image description

“Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)” hünäri boýunça bilim alýan ýaşlar, syýahatçylyk kärhanasynyň guramaçylyk işlerini we işjeň endiklerini bilýän hem-de ýolbelet wezipelerine laýyklykda aýratyn bilim başarnyklaryna ýöriteleşen hünär taýýarlygyny geçýär.

Syýahatçylyk pudagyna degişli dürli edaralarda, hususy kärhanalarda, syýahatçylyk we gezelenç çärelerini gurnaýan, syýahat operatorynyň we agentiniň wekilleri, myhmanhanalarda gelen syýahatçylar üçin amatly orunlary bellemek işini amala aşyrýan, olary ýerleşdirýän, edaranyň resmi kagyzlary bilen meşgullanýan hünärmeni, syýahatçylar üçin medeni-köpçülikleýin çäreleriniň taýýarlaýjy wezipeleri alyp barmak üçin niýetlenendir.

Hünär taýýarlygynyň sapaklarynyň çäklerinde ekskursiýa işini alyp barmak, syýahatçylyk hyzmatlaryny guramak we hilini ýokarlandyrmak, syýahatçylyk işinde ekskursowodyň gürrüň bermek usulyýetleri, endikleri, syýahatçylyk işi üçin daşary ýurt dillerinde işjeň gepleşikleri, gatnaşyklary we başga-da birnäçe “Gid-terjimeçi” işiniň manysy, alamatlary hem-de wezipeleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär.