Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň guramagynda 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda “Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz, ynanyşmak, jebisleşmek berkararlyk şanymyz” ady bilen bilim bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady orta hünär okuw mekdeplerinde zehinli talyplary ýüze çykarmak, olaryň döredijilikli ukyplaryny kämilleşdirmek, tejribe alyşmak, işjeň gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem watançylyk ruhunda ýaşlary terbiýelemekden we kämil hünärmenler edip ýetişdirmekden ybarat.
Bäsleşikde talyplaryň “Bitaraplyk syýasaty” we “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça ýüzlerçe soraglaryň jogabyny işlemek arkaly, bilim taýýarlygyny görkezdiler. Bu bäsleşige 22 sany orta hünär okuw mekdepleriniň 1-nji we 2-nji ýyl talyplaryndan 44-si gatnaşyp, şolardan 14-si baýrakly orunlary eýelediler, 1-nji orna bir talyp, 2-nji orna bir talyp, 3-nji orna on iki talyp mynasyp boldy.
Şeýlelik bilen, emin agzalaryň çözgüdi esasynda Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinden baýrakly 1-nji orna mekdebiň 2-nji ýyl talyby Oguljeren Seitkuliýewa we baýrakly 3-nji orna mekdebiň 1-nji ýyl talyby Babaýar Goşaýew mynasyp boldular.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň hormat hatlary we ýörite sowgatlary bilen sylaglanyldylar.
