Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

 

2025-nji ýylyň 11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy hem-de 2025-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

 

 

AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

 

1. Myhmanhana hyzmatlary. 

2. Syýahatçylyk hyzmatlary. 

3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

4. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy. 

5. Daşky gurşawy goramak we tebigy miras. 

6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy. 

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl. 

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde  2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

 

Aşgabat ş., Berkararlyk etraby, 2105/5 (Mämmet Gurbanow) köçesi, 33,

tel: 76-75-15, 76-74-14, 76-75-05.

 

Giňişleýin okamak üçin: https://education.gov.tm/announcements