“Kompýuter sowatlylygy”
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen eziz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere, uly özgerişlere eýe bolýar. Bu ulgamyň işini mundan beýläk hem ösdürmek, döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça oňyn ädimler ädilýär. Bu bolsa bagtyýar döwürde ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, milli we dünýä tejribesinden ugur alyp, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işlere badalga berilýär. Ähli bilim ojaklaryna sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak üçin köp mümkinçilikler açylýar, sanly bilim portallary, internet torlary döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde döwlet edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň bir ýere jemlenen saýtlary her ministrligiň we pudaklaýyn edaralarynyň sanly ykdysadyýete geçmegiň derejesini anyk görkezýär.
Kompýuter sowatlylygy okuwlary dürli ýaşdakylar üçin niýetlenip, kompýuter sowatlylygyny ösdürmäge, kompýuterleri we programma üpjünçiligini ulanmak üçin zerur başarnyklary öz içine alýar. Okuwlaryň möhleti 3 aý bolup, olaryň her biri aýratyn ulanyjy zerurlyklaryna we meselelerine gönükdirilendir.
Okuwyň wezipeleri: Microsoft Windowsyň häzirki zaman operasion sistemasynda, Microsoft Office programmalar toplumyna girýän Microsoft Word, Microsoft Excel, Microsoft PowerPoint esasy ofis programmalarynda netijeli işlemegi öwretmek, informasion we aragatnaşyk tehnologiýalary barada edebiýaty özbaşdak ulanmagy öwretmek, internet bütindünýä kompýuter torunda netijeli we howpsuz işlemegi öwretmekden durýar.
Okuwlar Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň okuw binasynda, sagat 14:00-dan we/ýa-da 17:00-dan soň gurnalýar.